Seni söýdüm, söýüp bir gez beýgeldim.
Seni söydüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldum,
Öz durmuş ornuma indi düşünýän.
Adamlara has ynamly garadym.
Yeniş bilen tamam boldy gözlegim.
Kyn pursadym medet berdi kalbyma
Jadyly däl - seniň ynsan gözleriň
«Kim men?» Jogap tapman şu günlere çen, Seni söyüp, kimdigimi bildim men.
Yeňil gopdum başyňdaky öýme dek,
Diýdim: «Ejiz bu dünýede söýmedik!>
Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada:
Kynçylyk ýok,
Ejizlik bar dünýäde.