Edebiýat mugallymyma sylaglar:)
7/10
·413 syf.··
2022 35. kitabı
·
11 günde okudu
·
Okunma: 30 Mayıs 2022 00:00
"Gün bolar asyra meňzär" kitaby edebiýat mugallymymyň durmuşynda iň halayan kitabı. Okajak diýip ýörenime üç ýyl boldy. İň soňunda okadym. 413 sahypany 1 güne sygdyran Jengiz Aytmatowum. Eser sowýet döwründe söweşiň getiren agyr zähmetleri arasynda ýaşaýan üç sany maşgalany ele alýar. Ýagny Ýedigeý–Ukubala, Abutalyp–Zaryfa we Gazangap–Bike. Gazangabyň ölen gününden başlap, gömülen gününe çenli bolan aralyk. Bir güne geçmişi, şu güni we nähili gereksiz görsem-de gelejegi(Tokaý göwüslüleri) hem sygdyran ýazyjy... Emma örän sada we düşnükli dil bilen. Ýazyjy Abutalyp bilen Zaryfanyň arasynda bagy şu sözler bilen dile getirýär: "İki tarapa da bagt getirýän nikalar azdyr, ýöne bardyr". Çyndanam meniň hem iň halan maşgalam Kuttubaýewler maşgalasy. Ýöne gynansak-da eseriň soňunda Abutalyp ýazýan zatlary sebäpli günäkärlenip tussaklanýar we aradan çykýar. :') We-de Ermek balym seni hiç haçan unutmaýan... Dykkatymy çeken iň uly ýeri hem ýazyjynyň her kitabynda (şunuň bilen bilelikde bäş kitabyny okadym) örän täsirli Gyrgyz hekaýalaryny ulanyşy. Üns bermez ýaly däl welin Cengiz Aytmatow öz halkyna şeýle bir bagly ýazyjy. Onuň kitap ýazmagynyň iň uly sebäbi hem Gyrgyz medeniýetiniň Ruslaryň täsiri sebäpli ýok bolmagydyr:' bu eserinde hem jemi üç sany gyzyklyja hekaýany (iň halanym "Naýman Ene" hekaýasy) ulanypdyr. Dogrusy eser garaşýan zatlarymy garşylamady. Belki-de iň halaýan eseri diýip gözümde ulaldanym üçin hem beýle bolup biler:) Ýazyjy käbir sebäpler üçin bu kitapda Abutalybyň başyna gelen zatlary ýazmany "Jengiz Hana gaharly bulut" atly kitabynda ýazypdyr. Bu kitap bilen täzeden görüşmek dilegi bilen...
Edebiyat
Gün Olur Asra BedelCengiz Aytmatov · Ötüken Neşriyat · 202656bin okunma
··
968 Gösterim
2 Yorum
Lütfen giriş yapınız.
Ayna
Gönderi Sahibi
📌Ek olarak: Yazar "Ne Zarife’yi unutabiliyor, ne de Ukubala’dan vazgeçebiliyordu. İşin kötüsü, ikisini birden istemesi, ikisine birden ihtiyaç duymasıydı." diye Yedigeyin tarafını tutuyor olsa da ben Oblomov kitabından "İnsan aynı anda iki kişiyi sevemez. Ahlaksızlık sayılır!" alıntıyla buna tamamen karşı olduğumu belirtmek isterim...
Ayna
Gönderi Sahibi
Edebiyat hocamın en sevdiği kitap olduğu için, bide Türkçe okumamdan hep şikayetçi olduğu için bu incelemeyi kendi öz dilimde yazmayı istedim.