Goşgular Çemeni

Serpaý

Gurbannazar Ezizow

Serpaý Hakkında

Serpaý konusu, istatistikler, fiyatları ve daha fazlası burada.
9/10
3 Kişi
5
Okunma
5
Beğeni
278
Görüntülenme

Hakkında

Serpaý. Goşgular we poemalar. Gurbannazar Ezizowyň bu kitabyna öňki kitaplaryna giren gowy goşgulary bilen birlikde, metbugatda çap bolan soňky eserleriniň köpüsi ýerleşdirildi. Bu kitap poeziýany söýýänlere şahyrdan galan ýadygärlikdir.
Türler:
Tahmini Okuma Süresi: 5 sa. 40 dk.Sayfa Sayısı: 200Basım Tarihi: 1977
Ülke: TürkiyeDil: Türkmence
Reklam

Yazar Hakkında

Gurbannazar Ezizow
Gurbannazar EzizowYazar · 1 kitap
Gurbannazar Ezizow - talantly türkmen şahyry, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi. Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin obasynda eneden bolýar. 1948-nji ýylda mekdebe barýar we 1959-njy ýylda Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebi tamamlaýar. Şol ýyl Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti 1964-nji ýylda tamamlaýar we Çagalar edebiýatynyň birleşen neşirýatynyň redaksiýasyna işe iberilýär. Şol ýylam goşun gullugyna çagyrylýar. 1965-nji ýylda gullugy tamamlap geleninden soň, 1970-nji ýyla çenli “Edebiýat we sungat” gazetiniň poeziýa (şygyrýet) bölüminiň müdiri bolup işleýär. 1972-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde edebi geňeşçi bolup işleýär. Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Turkmenbaşyda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary wagtynda Gazanjyk obasynyň ýanyndaky şossede tragiki ýagdaýda (sowet esgeri tarapyndan atylyp öldürilýär) aradan çykýar. Onuň bilen bilelikde moskwaly şahyr Wasiliý Şabanow we türkmen şahyry Ýuriý Rebinow hem aradan çykýar.Onuň dört gyzy we bir ogly bar.... Gurbannazar Ezizowyň Mähriban Käbesi GÜLNABAT EJE 2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde 97 ýaşynyň içinde aradan çykdy.